Okuw-usuly gollanmada konstruksion we funksional maksady bolan nanotehnologiýalar we nanomateriallar boýunça barlaglaryň esasy netijeleriniň gysgaça beýany getirilýär. Nanomateriallaryň fiziki-himiki aýratynlyklaryna, barlanmagyň usullaryna, kompakt nanomateriallary almagyň usullaryna we olaryň ulanylýan ýerlerine, şeýle-de awtomatikada, atom energetikasynda nanoelektronikasynyň peýdalanylyşyna seredilen. Gollanmada nanomateriallar döredilende emele gelýän ölçeg effektlerine degişli umumy - okuw we tejribe materiallara orun berilen. Awtor nanomateriallar we nanotehnologiýalar baradaky maglumatlaryň örän tiz üýtgeýändigini nygtap geçýär. Şonuň üçin gollanmanyň taýýarlanyp başlanyndan çap bolup çykýança käbir maglumatlar könelişen bolup biler. Şeýle-de bolsa ol okuw gollanmanyň “Nanotehnologiýanyň esaslary” dersini giňişleýin özleşdirmekde nanotehnologiýalary we nanomateriallary öwrenmäge başlan talyplara, aspirantlara we ylmy işgärlere peýdaly boljakdygyna umyt edýär.
Book Details: |
|
ISBN-13: |
978-613-8-25291-7 |
ISBN-10: |
6138252918 |
EAN: |
9786138252917 |
Book language: |
English |
By (author) : |
Ahmet Penjiýew |
Number of pages: |
132 |
Published on: |
18.10.2018 |
Category: |
Technology |